Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN ОBА HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Dänäni kabul etmegiň, saklamagyň we arassalamagyň tehnologiýasy.

2. Oba hojalygynyň ykdysadyýeti.

3. Çörekbişiriş, makaron we konditer önümçiligi.

4. Miwe we gök önümlerini gaýtadan işlemek.

5. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.

6. Oba hojalygynda buhgalter hasaby.

7. Pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy.

8. Ösümlikleri goramak.

9. Weterinariýa.

10. Ýer gurluşygy.

11. Gidromeliorasiýa.

12. Tokaý we seýil bag hojalygy.

13. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

14. Agrohimiýa.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler har­by şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

dänäni kabul etmegiň, saklamagyň we arassalamagyň tehnologiýasy, pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy hünärleri - himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalygynyň ykdysadyýeti, oba hojalygynda buhgalter ha­saby hünärleri - matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

çörekbişiriş, makaron we konditer önümçiligi, miwe we gök önümlerini gaýtadan işlemek, turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy, ösümlikleri goramak, (maldarçylyk), weterinariýa, tokaý we seýilbag hojalygy, agrohimiýa hünärleri – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

ýer gurluşygy, gidromeliorasiýa, oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünärleri - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar.

 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

salgysy: Aşgabat şäheri, 2070-nji (Tähran) köçe, 6; tel.: 34-98-91, 34-91-24.


Haladym 

 ()

“TÜRKMENNEBITGAZGURLUŞYK” DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

365 4 17.07.2017

LEBAP WELAYAT MALIYE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2298 5 23.07.2015

Asman name üçin gök?

2938 7 13.07.2015

Älemşnaslar täze planetanyň döreýşiniň şaýady boldular

745 2 04.07.2015

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

10 0 13.07.2018

Biziň galaktikamyzyň uly 3D görnüşli kartasy döredildi

911 5 04.10.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!