Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


S.A. NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ BAÝRAMALY AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Weterinariýa.

2. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

3. Oba hojalygynda buhgalter hasaby.

4. Azyk önümleriniň tehnologiýasy.

5. Pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy.

6. Oba hojalygynyň ykdysadyýeti.

7. Dokma önümçiligi.

8. Ýer gurluşygy.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglaynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Baýramaly şäherinde 2015-nji ylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümleň) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşik- erine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

weterinariýa, azyk önümleriniň tehnologiýasy hünärleri - biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalygynyň mehanizasiýasy, ýer gurluşygy hünärleri - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalygynda buhgalter hasaby, oba hojalygynyň ykdysadyýeti hünärleri - matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy, dokma önümçiligi hünärleri - himiýa, fizika, Türkmenistanyň ta­ryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar.

 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Baýramaly şäheri, Talyplar köçesi, 1; tel:6-38-41, 6-38-19, 6-07-84.


Haladym 

 ()

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

8 0 13.07.2018

AŞGABADYŇ A.KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

3730 5 20.07.2015

MARY WELAYAT MALIYE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2125 3 23.07.2015

Täze galaktikanyň üsti açyldy

789 2 14.07.2015

Atmosferasy ýiten planetalar

714 0 21.04.2016

BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

6 0 13.07.2018





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!