Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk.

2. Demir ýol ulagynda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak.

3. Demir ýol ulagynda ýol hojalygy we gurluşyk.

4. Lokomotiw hojalygy.

5. Wagon hojalygy.

6. Demir ýolda energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy

35-den geçmedik Türkrmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy (saglyk barlagy Aşgabat şäherindäki fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada geçirilýär, dalaşgärler öz ýaşaýan ýerine degişli bolan neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keseileriň öňüni alyş merkezinden kepilnama alyp gelmeli);

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçýlarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassykiaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul ediimek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukuk­dan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

 

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň

Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Kemine köçesi, 84, tel.: 94-31-47.


Haladym 

 ()

TÜRKMENISTANYŇ MILLI SPORT WE SYÝAHATÇYLYK INSTITUTY

492 6 13.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1444 1 21.07.2015

Excelde tablisa sütün goşmak we aýyrmak

1055 1 16.06.2015

Geljekde kosmos giňişligindäki peýdaly gaty gazma baýlyklar özleşdirilip başlanylar

1341 2 31.07.2015

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

1488 23 17.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIYET INSTITUTY

5866 23 15.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!