Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TURKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ DAŞOGUZ AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

2. Agronomçylyk.

3. Oba hojalygynda buhgalter hasaby.

4. Oba hojalygynyň ykdsadyýeti.

5. Gidromeliorasiýa.

6. Weterinariýa.

7. Ösümlikleri goramak.

8. Azyk önümleriniň tehnologiýasy.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhlsti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synagiary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde Turkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Daşoguz ş.) geçirilýär.

Giriş synagiary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: oba hojalygynyň mehanizasiýasy, gidromeliorasiýa hünärleri - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

agronomçylyk, weterinariýa, ösümlikleri goramak, azyk önümleriniň tehnologiýasy hünärleri - biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalygynda buhgalter hasaby, oba hojalygynyň ykdysadyýeti hünärleri - matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy, dersler boýunça giriş synagiary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär, Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar,

 

Turkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz şäheri, Ýolçy köçesi, 370; tel.: 6-45-58.


Haladym 

 ()

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

260 2 17.07.2017

INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

8 0 13.07.2018

Olimpiýadaça gollanma №1

14408 92 20.06.2015

TÜRKMENISTANYN DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

3207 5 15.07.2015

DAŞOGUZYŇ MAGTYMGULY GARLYÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

319 0 17.07.2017

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

973 2 23.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!