Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Bermud üçburçlygy we onuň taryhy syry barada ylmy çaklamalar


Bermud üçburçlygynyň syry-biziň durmuşymyzda bu birdenkä gözden ýitmekligiň syry bolup galýar.

Häzirki döwürde iň bir anomal çäkleriň biri bolup onda adamlar, suw gämileri we howa uçarlary dereksiz ýitýärler.

Bermud üçburçlygy ýa-da Şeýtanyň üçburçlygy diýlip atlandyrylýan ýer Atlantik ummanynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýär.

Geçen asyryň ortalarynda Bermud üçburçlygynda birdenkä zatlaryň ýitmeklik syry alymlary howatyrlandyryp başlady. 1950-nji ýylda Associated Press kompaniýasynyň habarçysy Jons bu ýeri “Şeýtanyň deňizi” diýip atlandyrypdyr. 1964-nji ýylda Winsenta Gladdissyň ýazan “Öldüriji Bermud üçburçlygy” atly işi boýunça Atlantik ummanynda howply anomal zona Bermud üçburçlygy adyna eýe boldy. Häzirki zamanyň taryhy müňden gowrak syrly ýitmeleriň sanawynyň bardygyny ýüze çykardy. Bu çäk örän çatak howa şertleri we örän janly ýaly howply howa we suw hereketleriniň bardygyny ylmy çaklamalar görkezdi. Bu araçägi başga dünýäniň girelgesi hasaplaýarlar. Meksikan aýlagynda Karib deňziniň demirgazyk böleginde anomal zonanyň iň güýçli ýeri hasaplanýar.

Bermud üçburçlugy hakynda eşitmedikler gaty az bolsa gerek. Florida, Puerto-Riko we Bermud adalarynyň ortasyndaky umman bölegi şu at bilen atandyrylýar. Onuň ýene bir atlandyrylşy-Şeýtan üçburçlugy. Bu ýerden geçýän gämiler we uçarlaryň ýitip gitmegini başga planetalylaryň ýada al-arwahlaryň hereketleriniň netijesi diýlip düşündirilýär.
Ýöne 1975-nji ýylda pilot we alym Lourens Kusheniň geçiren tejribeleri bu üçburçlukda hiç hili üýtgeşik syryň ýokduguny, erbet howa şertleri sebäpli gämileriň gark bolandygyny we uçarlaryň heläkçilige uçrandygyny subut etdi.
ABŞ-nyň kenar goragy gullugy her bir "ýiten" gäminiň we uçaryň galyndylary tapylandygyny habar berýär.

Bermud üçburçlygyň ortaça meýdany 1 million kwadrat kilometrden ýokary diýlip çaklanylýar. Bu ýeriň howa hem-de suw şertleri beýleki ummanlardan, deňizlerden suwlardan tapawutlanmaýar.

2001-nji ýylda Bermud üçburçlygynyň syry açylanlygy hakynda nobatdaky habar ýaýrapdy. Täze wersiýa görä, Bermud üçburçlugy we başga şuňa meňzeş yerlerde gämiler okean astyndan gelýän metan köpürjikleri täsirinde çöküp giden. Suw astyndan göterilýän köp mukdardaky köpürjikler suwuň basyşyny peseldýär we gämi öz ýüzmek derejesini ýok edýär.

Kaliforniýadaky (Monteýra) harby-deňiz mekdebiniň barlagçysy Brýus Denardo bu pikiri barlap görmegi makul bildi. Bir görmäge bu pikir sagdyn akyla dogry gelmejek ýaly, köpürjikler we olara ýantaşan suw akymy ýokary ýol alar we gämini hem ýokara ugrukdyrmagy gerek. Muny tejribe edip görmek üçin tejribeçiler suw ýüzünde zordan ýüzüp biljek şarjagazy suwly gaba salyp, aşakdan howa köpürjiklerini iberdiler. Bilýäňizmi, şarjagaz derrew çöküp gitdi.

Şwessariýa ýokary tehniki mekdebiniň fizika alymlary ýakynda bu syry açanlaryny yglan etdiler. Kosmosdaky ýaly gara girdaplaryň bardygyny alymlar tassyklaýarlar. Alymlaryň pikirine görä şeýle gara girdaplaryň Bermud üçburçlugynda bardygyny tassyklaýarlar. Kosmiki gara we Deňiz girdaplary girdaplar arasyndaky meňzeşlik matematiki amallaryň kömegi bilen tapylan. Alymlaryň belleýşine görä, okean ýüzündäki girdaplary görkezýän hasaphana-kitaplary we kosmiki gara girdaplardaky boşluk we wagt hasap-kitaplaryny görkezýän nazaryýetler hiç bir zady bilen tapawutlanmaýar. Alymlar şu hasap-kitaplar kömegi bilen “öli” zonalara düşen predmetler olarda uzak wagt galyp gitmek mümkinligini anykladylar. Alnyp barylan gözegçilikler deňize düşen çykyndylar aýlanmasy fenomenini anyklamak mümkinçiligini berdi. Şeýle-de alymlar Bermud üçburçlygynyň syry hem çykyndylar, belki, gämiler we samolýotlar hem düşüp galýan şeýle “öli” zonalarda bolmagy mümkinligini takmyn edýärler.


Haladym 

 ()

Gara Girdap – bu başga Älemlere geçelge

1833 2 20.06.2015

Suwuň bardygy anyklanyldy

834 4 19.10.2015

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

6 0 13.07.2018

Matematiki tablisalar

1265 4 11.07.2015

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

9 0 14.07.2018

LEBAP WELAYAT MALIYE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2298 5 23.07.2015


Mergen
2016-04-20 08:19:35

bermud üçburçlygy prişelesleriň geçelgesi diýip hem çaklanylýar.




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!