Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Almatadaky ýaryş Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan gatnaşjak ýeňil atletikaçylaryň ikisini kesgitlär


Awgust aýynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde Olimpiýada geçiriler. Bu ýaryşa iň gowy netijeleri görkezjek Türkmenistanyň ýeňil atletikaçylarynyň ikisi wekilçilik eder. Şoňa görä-de, şu gezekki bäsleşikler has ýiti häsiýete eýe boldy.

Ýeňijileriň hatarynda sport ussady Amanmyrat Hommadowyň ýekedaban zyňmak boýunça görkezen netijesi has-da ýokary boldy.Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ýekedabany 65 metr 78 santimetr aralyga zyňmagy başardy. Onuň dogany Tejen Hommadow ýadro zyňmak boýunça ýokary netije (16,0 metr) görkezdi, Maksat Mämmedow bolsa disk zyňmakda (64,18 metr) tapawutlandy.

Iki ýyllyk arakesmeden soň, ýurdumyzyň belli ýeňil atletikaçysy, sport ussady Ýelena Rýabowa sport bäsleşiklerine gaýdyp geldi we 200 metr aralyga ylgamakda (24,7 sekunt) ýeňiş gazandy. Balentina Meredowa 100 metr aralykda (11,6 sekunt) we Akmyrat Orazgeldiýew(10,3 sekunt), 200 metr aralykda Guwanç Mataganow (21,2 sekunt) tapawutlandylar.

400 metr aralykda zenanlar toparynda Anastasiýa Nowoselsewa (58,7 sekunt) üstünlik gazandy. Ol ýetginjekler toparyna girýän hem bolsa, has tejribeli türgenleriň arasynda-da ýokary netije görkezmegi başarýar. Erkekler toparynda 400 metr aralygy Begmyrat Makgaýew hemmelerden öň (49,0 sekunt) geçdi.

Ýokarlygyna bökmek boýunça ýaryşda ýeňiji bolan Alýona Hudaýbergenowa 163 santimetr belentlige bökmegi başardy.

Indi türkmen ýeňil atletikaçylary iri halkara ýaryşy – Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanyp iýun aýynda Gazagystanyň Almata şäherinde geçiriljek iri halkara ýaryşyna taýýarlyk görýärler. Şol ýaryşda iň gowy netijelri görkezen türgenlerimiziň ikisi Braziliýada geçiriljek Olimpiýada gatnaşmaga hukuk gazanar.


Haladym 

 ()

Zidan “ajaýyp ýedilige” girdi

1167 15 30.05.2016

37 ýaşly hüjümçi ýygynda çagyryldy

862 1 18.05.2016

GARAŞYLÝAN TUTLUŞYK APRELDE

2039 17 04.01.2017

“Dinamo” bilen oýundan soň “Rostow” FK-nyň oýunçylaryny doping-kontrola alyp gitdiler

800 3 13.05.2016

Göreş boýunça ýeňiji mälim boldy

2764 9 06.09.2016

Barselonanyň 24-nji çempionlygy

1009 4 23.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!