Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Ýewro-2016 gatanaşyp bilmejek 15 sany futbolçylar


Uly turnirlere şikes almak zerarly gatnaşyp bilmeýän adamlara gynançlyk bildirip bolar. Meselem, Mark Roýs dünýä çempiony hem-de 2014-iň dünýä çempionatyndaky ýyldyzlaryň biri bolup bilerdi, emma onuň turni ýaryşynyň öňi syrasyndaky dostluk duşuşygyndaky oýunda şikesi almagy muňa mysal bolup biler.

Ýewro-2016-da hem eýýäm birnäçe oýunçy şeýle ýagdaýlara sezewar bolup, ömürlerindäki esasy turnire mejbury ýagdaýda gatnaşyp bilmeýärler.

Ýewro-2016 çempionatynyň final turniri 10-njy iýundan 10-njy iýul aralygynda Fransiýada geçer. Ilkinji gezek onda jemi 24 sany komanda gatnaşar.

Wensan Kompani (Belgiýa)

Kompani zamananyň iň şikesli futbolistleriniň biri boldy. Ol şikesi Madridde Çempionlaryň Ligasynda “Siti”-niň kapitany tarapyndan alýar. Kompaniniň bu şikesi ony 4 aýlap oýna girip bilmez ýaly etdi. Şonuň üçin ol Ýewro-2016-ny hem-de indiki sezonyň başyny hem sypdyrar.

 

Klaudio Markizio (Italiýa)

Ýuwentusyň hem-de Italiýanyň milli ýygyndysynyň esasy ýarym goragçylarynyň biri. Ol apreliň ortalarynda “Palermo” bilen duşuşykda dyzyndan agyr şikes alyp ýarym aý ýaly oýunlary sypdyrar. Ýewropanyň geçen çempionatynda Markizio finalda oýnapdy, bu gezek bolsa ol telewizoryň öňünde synlap oturmaly bolar.

 

Marko Werratti (Italiýa)

Italiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragy üçin ýene bir ýitgileriň biri. Werratti gasygyndan alan şikesi zerarly çempionlaryň ligasyna hem gatnaşmady, indi bolsa ol asla Ýewropanyň çempionatyna hem gatnaşyp bilmeýär.

 

Ilkaý Gündogan (Germaniýa)

“Borussiýanyň” ýarym goragçysy Dünýä çempionaty-2014-e hem şikesi zerarly gatnaşyp bilmedi, indi bolsa Ýewro-2016 gatnaşmaýar. Ol türgenleşikde basketboly şowsuz oýnap şikes alýar. Onuň “Mançester Siti” klubyna transfer bolmagy hem kynlaşar.

 

Aleks Oksleýd-Çemberlen (Angliýa)

Köp wagtlap “Arsenalyň” ýarym goragçysyna şowlulyk bolupdy: ýöne klubyň durnukly oýunçysy bolmady, emma Hodžson ony gowy görensoň Angliýanyň milli ýygyndysyna we Ýewro-2012 hem-de 2014-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşypdy. Ýewro-2016-a hem gatnaşyp bilerdi, gynansakda onuň dyzynyň yzly-yzyna şikes almagy zerarly galdyrylýar.

 

Fabiu Koentrau (Portugaliýa)

Çep gapdalky goragçynyň bary ýogy 28 ýaşynda, ýöne onuň karýerasy eýýam pese düşüp başlady. Madridiň “Realynda” ol esasy oýunçy bolup bilmedi, “Mançester Ýunaýted” bilen arendasy bolsa üzüldi, onuň şikesleri hem soňky döwür köpelip başlady. Bu sezonda Koentrau “Monakonyň” arendasynda geçirdi, ýöne näsaglygy zerarly ol kän oýnamady. Nobatdaky şikesi bolsa aprel aýynda türgenleşikde aldy we fabiony Ýewroda oýnamaklykdan kesdi. Dünýä çempionaty-2014-de ol gatnaşdy, emma 1-nji oýnunda şikes alyp, netijede Portugallylara kömek edip bilmedi.

 

Kurt Zuma (Fransiýa)

Ýaş we güýçli merkez goragçy, ol bu sezonda Çelsiniň iň gowy oýunçylarynyň biri boldy. Öz milli ýygyndysynyň düzümine hem-de Ýewropanyň çempionatyna gatnaşmagy ähtimaldy, emma onuň dyzynyň agyr şikes almasy bilen galdyryldy.

 

Kris Brant (demirgazyk Irlandiýa)

Zumanyň Ýewropanyň hem-de dünýäniň çempionatynda oýnamaga mümkinçiligi bar, ýöne Kris Brantda bola ol mümkinçilik bolmazlygy ähtimal. “West Bromyň” 31 ýaşly ýarym goragçysy, ýagny ol soňky wagtda çep tarapky goragda oýnady, emma Ýewropanyň çempionatynda oýnap bilmez, sebäbi dyzyndan agyr şikes aldy.

 

Alan Džadj (Irlandiýa)

Siz bu ýarym goragçy hakynda hiç-haçan eşitmedik bolmagyňyz ähtimal, ýöne onuň hem arzuwy hasyl bolmady. Džadj ol angliýanyň çempionatynda “Brentfordyň” düzüminde bu sezonda gowy çykyş etdi (14 gol + 38 oýunda 11 sany peredaça), aprel aýynda “Ipswiç” bilen oýunda aýagy iki gezek döwüldi. Onuň 27 ýaşy bar, karýerasy bolsa ýaňy ýokaryk galyp başlady.

 

Matia Perin (Italiýa)

Ýaş golkiper, “The Telegraph” atly angliýanyň gazýeti ony dünýäniň 4-nji derwezeçisi diýip atlandyrdy. 3-lik nomer bilen Italiýanyň milli ýygyndysynda dünýä çempionaty-2104-de gatnaşdy, ýene şol nomer bilen Ýewro-2016-a hem gatnaşardy, emma ol dyzyndan şikes aldy.

 

Jek Batlend (Angliýa)

Gynansakda Ýewroda bu superzehinli ýaş derweçini hem görüp bilmeris. 23 ýaşly Batlend “Stok” klubynda sezony gaty gowy geçirdi we islendik wagt milli ýygyndyň derwezeçisi Jo Harty çalyşmaga mümkinçiligi bardy, ýöne Germaniýa bilen ýoldaşlyk duşuşygynda ol topugyny döwdürdi. 4 ýyl mundan ozal Jon Raddiniň şikes almagy zerarly Batlend Ýewro-2012-a gatnaşmaga mümkinçilik gazanypdy, indi bolsa ol Raddiniň ýerine özi şikes aldy.

 

Rob Elliot (Irlandiýa)

ýene-de bir derwezeçileriň biri, ýagny başga biriniň şikes almagy bilen ýaryşa gatnaşyp, soňra özi şikes aldy. Tim Krut oktýabr aýynda şikes alyp, “Nýukaslyň” ýygyndysynda Elliota ýer boşadyp beripdi. Rob gowy oýnady, hat-da Irlandiýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda hem oňa ýer bardy. Ýöne ol dyzyndan şikes aldy.

 

Danni (Portugaliýa)

Rus futbolynyň oýunlarynyň taryhynda iň hormatlanýanlaryň we edeni ugruna bolmaýan legionerleriň biri “Spartak” bilen oýunda dyzyndan agyr şikes aldy – eýýäm karýerasynda üçünji gezek. Şol sebäpli ol Ýewro-2012-ni, indi bolsa Ýewro-2016-ny hem sypdyrar.

 

Karim Benzema (Fransiýa)

Häzirlikçe Welbundaky ýalan haýbatly işleriň düşnüksiz ýerleri bar, şol sebäpli hem Benzemanyň kellesinden şikes alyp Ýewro-2016-a gatnaşyp bilmeýänligi barada aýtmalyň.

 

Mamadu Sako (Fransiýa)

“Liwerpulyň” goragçysy Mamadu sako Ýewropa çempionatyna gatnaşmazlygyň ýeňil we täsin tapdy. Ýewropanyň Ligasynda “Mançester Ýunaýted” bilen oýundan soň onuň ganydna doping tapdylar. Bu fransuz öz agramyny azaltmak üçin ýag aýyryjy ulanypdyr. Häzrlikçe Sako 30 günlik diskwalifikasiýada otyr, ýöne onuň Ýewro gatnaşyp bilmejekdigi barada birhili şübhe bar.

 

 

 


Haladym 

 ()

FitStar – fitnesiň ýyldyzlaryndan täze türgenleşik programmasy

1653 3 07.06.2016

Awstraliýaly 99 ýaşly ýüzüjiniň rekordy

379 13 14.03.2018

Türkmen samboçylary Aziýada öňdäki orunda barýarlar

903 3 30.05.2016

“Dinamo” bilen oýundan soň “Rostow” FK-nyň oýunçylaryny doping-kontrola alyp gitdiler

800 3 13.05.2016

37 ýaşly hüjümçi ýygynda çagyryldy

861 1 18.05.2016

Zidan “ajaýyp ýedilige” girdi

1167 15 30.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!