Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Ýeňiji bolan iň ýaş sürüji


Formula 1 dünýä çempionatynda möwsümiň 5-nji ýaryşy Ispaniýanyň Barselona şäherindäki “Katalunýa” trassasynda geçirildi. 66 aýlawdan ybarat bäsleşik örän dartgynly we garaşylmadyk waka bilen başlady. Sanawyň lideri Niko Rosberg (Mersedes) ilkinji hatardan bat alan topardaşy Lewis Hamilton bilen kakyşdy we olaryň ikisi-de ýaryşdan çykmaly boldy. 3-nji aýlawdan soň, howpsuzlyk ulagy trassadan çykdy. Sürüjileriň ilkinji pit-stoplary 16-njy aýlawda bolup geçdi. Ýumşak teker ulanan Daniel Rikkiardo (Red Bull) 44-nji aýlawa çenli birinjiligini saklady. Ýöne 44-nji aýlawda Wettel bilen Rikkiardo ýumşak tekerlerini çalyşmak üçin täzeden pit-stop etmeli boldular. Şol pursatda-da 1-nji ýere “Red Bull -TAG Heuer” toparynyň gollandiýaly sürüjisi Maks Werstappen, 2-nji orna-da “Ferrariden” Kimi Raikonen geçdi. Galan 2—nji aýlawda-da fin pilot näçe dyrjaşsa-da, Werstappen ornuny bermedi we ýaryşy 1-nji bolup tamamlady. 18 ýaşly sürüji pellehana 1 sagat 41 minut 40,017 sekuntda gelip, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, F1-iň öňki sürüjilerinden Jos Werstappeniň ogly bolan Maks Formula 1-iň taryhynda 1 ýaryşda ýeňiji bolan iň ýaş sürüji diýen adyň eýesi boldy. Ondan öpki rekord Sebastian Wettele degişli bolup, ol 2008-nji ýylda 21 ýaşyndaky Italiýa “Gran Prisinde” ýeňiş gazanypdy. Ýeri gelende aýtsak, 2 hepde öň Maks Werstappen Daniýel Kwýatyň ornuna toparyň ýolbaşçylary tarapyndan “Toro Rossodan” “Red Bula” geçirilipdi. Russiýaly Kwýat bolsa, “Toro Rosso” toparyna ugradylypdy. Westappenden 0,6 sekunt yza galan Kimi Raikonnen 2-nji, “Ferrariniň” başga bir sürüjisi, germaniýaly Wettel ýeňijiden 2,2 sekuntlyk az netije bilen 3-nji ýeri eýeledi. Ýaryşda 4-nji orna “Red Bulluň” beýleki piloty Daniel Rikkiardo mynasyp boldy.

Geçirilen 5-nji ýaryşdan soň, Ispaniýa “Gran Prisini” utuksyz tamamlan “Mersedes” toparynyň sürüjisi Niko Rosberg 1-nji (100), “Ferrariden” Kimi Raikonen 2-nji (61), Lewis Hamilton 3-nji (57) verde barýarlar. 48 utukly Wettel bilen Rikkiardo -5-nji orunlary paýlaşýarlar. Möwsümiň 6-njy ýaryşy, F1-iň iň abraýly bäsleşigi Monako “Gran Prisi” 29-njy maýda Monte Karlonyň köçelerinde geçiriler.


Haladym 

 ()

“Real” 120 million ýewrony Pogba üçin tölärmi?

2439 16 09.06.2016

Barselonanyň 24-nji çempionlygy

1009 4 23.05.2016

Lorenso sanawyň lideri

807 1 23.05.2016

Göreş boýunça ýeňiji mälim boldy

2764 9 06.09.2016

37 ýaşly hüjümçi ýygynda çagyryldy

862 1 18.05.2016

“Dinamo” bilen oýundan soň “Rostow” FK-nyň oýunçylaryny doping-kontrola alyp gitdiler

800 3 13.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!