Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Garyplygy ýeňen 10 sany futbolist


Luis Suares (Urugwaý, futbol)

Urugwaýyň ýyldyzy ýükçiniň hem-de öý hojalykçynyň maşgalasynda doguldy. Haçan-da onuň ene-atasy aýrylyşanda, ol ýaňy bir 9 ýaşyndady. Ejesine kömek etmek üçin Luisden başga-da ýene-de 9 sany ogany bardy, ol köçe süpüriji bolup gazanç edýärdi. Futbol oýnamaga onuň wagty diýseň azdy. Onuň zehini diňe uly söýginiň kömegi bilen halas boldy. Geljekki aýaly Sofiýa – Suares üçin muza bolup galdy. Hut şoňa uly duýgusyny bildirmek üçin ol aktiw ýagdaýda türgenleşip başlaýar. Başga çykalga ýok – ýigidiň puly ýokdy. Luis hatda öz söýgülisine doňdurma alyp bermek üçin köçeden köpük gözlän wagtlary hem bolupdy.

“Men şu gyz duşanymda, kellämdäki pikirler garyşýardy, ýöne men hut şol wagt futbolyň nähili zerurdygyna düşündim” - diýip Suares boýun alýar.

Zlatan Ibragimowiç (Şwessiýa, futbol)

 

20 ýyl mundan ozal “Malma” mekdebine batyrgaý ýigit gelipdi, ondan öň Rusengord şäherindäki “Balkan” klubynda türgenleşýärdi. Ýigidi bu mekdebe aldylar. Hut “Malmada” bosniýa-horwatiýa maşgalasyndan bolan oglanjygy ýer şarynyň masştabyndaky derejede ýyldyz bolmaga kömek etdi. “Aýaks”, “Ýuwentus”, “Inter”, “Barselona”, “Milan”, “PSŽ” - Zlatan diňe gowy klublarda oýnaýar. Bu gün Ibragimowiç – janly legenda. Onuň awtobiografiýasy däp-dessur bolup galdy. Ol açlyk bilen göreşmek boýunça guramanyň ilçisi.

Haçan-da geljekki ýyldyz iki ýaşyndaka, onuň ene-atasy aýrylyşypdy. Zlatanyň ejesi maşgalasyny eklemek üçin 1 sutka golaý işleýärdi. Zlatan hem ogurlyk bilen hem meşgullanypdyr, ýöne geň zat däl. Aýratyn hem ol welosiped alyp gaçypdyr. Zlatan birnäçe gezek futbol karýerasyny taşlamak pikirini edipdir. Mysal höküminde gämileri bejermeklige gitmek niýeti bolupdyr. Ýöne her nämde bolsa tälimçisi onuň pikirini üýtgedipdir.

Ýakub Blaşşikowskiý (Polşa, futbol)

Bir ýyl mundan öň polşaly ýarym goragçy “Kuba” atly awtobiografiýa ýazandygyny mälim etdi. Ýok, ol özüni ýer şarynyň ýyldyzy hasaplanok, ýöne onuň hakykatdan hem gürrüň bermäge zady bar. Sebäbi ol çagalykda şeýle bir erbet zatlary başdan geçirdi, hatda duşmanyňada islemeýäň. Ýakub 10 ýaşyndaka gözüniň alnynda kakasy ejesini öldürýär.... Şeýle beladan soň ol bir ýyllap diňe futboly däl, eýsem mekdebi hem taşlady. Ol gazaply, problemaly ýetginjek bolup ýetişdi. Erbet köpçüliklerde goşulyp bulaşmakdan bir ädmi bärden gaýtdy. Ony enesi kyn bolsa-da başardygyndan terbiýeledi.

Her näme-de bolsa futbol ony halas etdi. Dostlary ony kiçi-futbolsa turnire gatnaşmaga razy etdiler we Ýakuby iň gowy oýunçy diýip yglan etdiler. Haçan-da Blaşşikowskiý öz milli ýygyndysynyň adyndan gol geçirende, ejesine ýüzlenip elini asmana göterýär.

 

Anhel Di Maria (Argentina, futbol)

Anheliň kakasy hem ýaş wagty futbol karýerasy hakynda arzuw edipdir, emma onuň arzuwy hasyl bolmady. Ol “Riwer Pleýt” ýaşlaryň toparynda oýnanynda şikes almagy zerarly, sporty taşlap şahtada işlemäge gidýär. Ol şeýle kyn iş üçin hem azajyk aýlyk alýardy, olaryň durmuşy gaty kyn, üstesinede garypdylar. Anhel üçin ilkinji butsyny satyn almak üçin olaryň maşgalasy birnäçe günläp diňe çörek bilen suw içip gezdiler.

Umuman aýdanyňda bu geljekki Argentinanyň ýyldyzy ýygyndyda oýnamazlygy hem mümkindi, ony ýetginjeklik döwründe ölümden halas etdiler. Howluda duran äpet içi suwly çelege suwa düşmäge gireninde, ony kakasy iň soňky pursatda gark bolup barýan çagasyny halas edýär...

Haçan-da, Anhel “Benfika”-nyň oýunçysy bolup, ilkinji çynlakaý aýlygyny alanynda, ol haýal etmän öz ene-atasyna uly öý alyp berip, olara düýbünden işlemekligi gadagan edýär - goý olar olar durmuşyň hezilligini görsünler.

Pol INS (Angliýa, futbol)

 

1990-njy ýyllaryň başynda “Mançester Ýunaýted” toparynyň legendasy bolan. Ol Angliýanyň milli ýygyndysynda 50 oýny oýnan, Italiýada “Inter” üçin we “Liwerpulda” hem birnäçe ýyl çykyş edýär. Öz ýoluny “West Hem” akademiýasynda başlaýar, sebäbi ol angliýanyň gündogarynda oňaýsyz we garyp kwartalda doglan. Pol iki ýaşyndaka onuň kakasy maşgalasyny taşlap gidýär. Oglanjyk öz ýatylýan otagyny öz dogany, aýal dogany we çykany bilen bölüşýärdiler. Sagat 13-den 17-ler aralygynda türgenleşikden boş wagtlary Pol garakçylar (banda) bilen aýlanýardy. Her Anna güni ol öz köpçülik topary bilen gijeki klublara gidýärdi – onuň ýekeje maksady diňe uruşmakdy.

Ol diňe haçan-da uruşlaryň birinden soň, akademiýa yzyndan polisiýa geleninde akylyna gelipdi. Tälimçisi Pola şeýle düşündirdi: ýa Gangsterler bilen ýoluňy üzýäň, ýa-da futbolyň ýoly oň üçin ýapyk.

 

Roberto Karlos (Braziliýa, futbol)

 

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň meşhur goragçysy. Birnäçe yl mundan ozal onuň bilen gürrüňdeşlikde Roberto Karlos özüniň çagalygynyň nähili agyr günlerde geçendigi barada aýdyp berdi:

“Men San Paulu ştatynda fazendada doguldym, biziň maşgalamyz kofe ösdürip ýetişdirýärdi. Ýöne men şol wagtlary uly höwes bilen ýatlaýaryn. Meniň ejemiň-kakamyň, enemiň-atamyň, aýal doganlarymyň maňa bolan garaýyşlaryny hiç wagt hiz zada çalyşmaryn. Meniň üç sany aýal doganym bar, men bolsa kakamyň ýeke-täk mirasdüşeridim. Biziň kiçijik reňksiz telewizorymyz bardy. Biz onda dünýäniň we Braziliýanyň çempionatlaryny görýädik. Men “Santos” klubynyň janköýeridim – we hemme çagalar ýaly Braziliýanyň milli ýygyndysyna düşmegi arzuw edýärdim.

Aslynda futbolda at alan köp braziliýalylar, garyp maşgalada önüp ösen. 12 ýaşymda men mekdepden çykyp, dokma fabriginde işlemäge gitdim. Bir wagtda futbol bilen meşgullandym. Fabrikde sagat 10-dan 2-ä çenli işleýärdim, 3-den 5-e çenli türgenleşýärdim, soňundan ýene-de işe gelýärdim. Şeýle režimde iki ýarym zähmet çekdim. Dürli önümleri tikenligimiz sebäpli, köplenç ellerimi iňňe bilen ýaralaýardym. Ellerimiň aýasy gaty agyrýardy. Ýöne ol ýerde birnäçe adamlar bilen tanyş boldum we häzir hem olar habarlaşýaryn.

Öz maşgalama kömek etmeli bolýarвym, sebäbi kakamyň gazanýan puly ýetmeýärdi. Köplenç ýagdaýda günortanlyk naharymyzyň ýarysyny agşamlyk üçin goýmaly bolýardy. Haçan-da men ýetginjek döwrüne ýetenimde, bu zatlardan ýeke-täk çykalga diňe futboldygyna düşündim. Meniň arzuwym 15 ýaşymda 1988-nji ýylda hasyl boldy, 92-nji ýylda bolsa kakama jaý alyp berdim. Ol waglar uly bolmadyk koteždi. Ýöne ol onuň hususy jaýydy. Ol bolsa onuň örän bagtly boldy”.

Frank RIBERI (Fransiýa, futbol)

 

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we “Bawariýanyň” lideriniň birine durmuşda aýylganç wakany geçirmeli bolýar. Haçan-da ol ene-atasy bilen awtomobil heläkçiligine duçar bolanda ol ýaňy bir 2 ýaşyndady. Awtomobil dolandyryşyny ýitirip, uly ýük maşyny bilen çaknyşýar. Urgynyň güýçli bolanlygy sebäpli, çagajyk maşynyň öňki aýnasyndan çykyp gidýär. Lukmanlar onuň ýüzünden birnäçe aýna döwüklerini ýykarmaly bolupdyr. Şondan soň onuň ýüzünde uly iki sany çapyk galypdyr. Birnäçe ýyl geçeninden soň, haçan-da Frank meşhur futbolist bolanyndan soň hirurglar oňa ýüzündäki çapyk ýarasyny aýyrmaklygy teklip edipdirler. Emma ol bu zatlardan ýüz dönderipdir, sebäbi ol çapyklar oňa has güýç berýär diýip Frank belleýär.

Ýetginjeklik döwri hem Frankyň durmuşynda kän kynçylyklar görkezipdi. Maşgalanyň uly çagasy hökmünde ol öz wagtynyň köpüsini nahar taýýarlamaga, öýleri arassalamaga, özünden kiçi jigilerine seretmäge harç edýärdi. “Lildäki” akademiýany tamamlanyndan soň, ol tas futboly taşlapdy. Sebäbi onuň häsiýetiniň agyrlygy sebäpli ol hiç-hili şertnama almandy. Höwesjeňler toparynda oýnap başlady, emma pul ýetenokdy we gapdaly bilen bolsakompaniýalaryň birinde turbalary bejermek boýunça stažirowka okuwyny geçýärdi. Frankyň bagtyna ýolçy bolup köp wagt işlemek nesip etmedi, onuň talantyna baha berdiler.

Aleksis SANÇES (Çili, Futbol)

 

“Arsenalyň” we Çiliniň milli ýygyndysynyň hüjümçisi mejbury ýagdaýda ýeke galan ejesine kömek etmek üçin ýaşlyk döwründen başlap goşmaça işlemeli bolupdyr. Aleksis 11 ýaşyndaka balykçy bolup işleýän kakasy maşgalasyny taşlap gidipdir. Sançes oýuny aýakýalaňaç oýnap başlaýar, ilkinji butsyny Tokopil şäheriniň meri satyn alyp berýär. Muňa onuň ejesi şaheriň merine öz oglunyň zehininiň bardygy barada ynandyryp oňa ýardam berýär. Mer razylaşyp oglanjygyň oýnuny görmäge gelýär. Ilkinji puly bolsa Sançes futbol oýnap gazanmandy.

“Men salto aşmagy başarýardym we adamlar maňa diýýärdiler: “Salto aşyp görkez, biz saňa peso berjek! (peso-pul birligi)”. Mundan başga-da men awtoulaglary ýuwmaly hem bolýardym... diýip Sançes gürrüň berdi. - Futbol oýnamagy bolsa men aýakýalaňaç öwrendim. Belkem-de meniň ylgaýşym bökmegi ýatladýandyr – sebäbi men daşlary böküp geçmeklige endik edipdim”.

 

Lionel messi (Argentina, futbol)

Dünýäniň iň gowy oýunçysy çagalyk döwründe özüniň garyp maşgalasyna çaý satmaga kömekleşmeli bolupdyr. Leonyň ene-atasy zordan öz maşgalasyny ekläpdirler: kakasy fabrikde işläpdir, ejesi bolsa tam süpüriji. Leo öz zähmeti bilen gazanan puluny “Grandoli” höwesjeňler klubynda sapaklar üçin töleýärdi. Ol 9 ýaşyndaka lukmanlar oňa gorkunç diagnoz goýupdyrlar – ösmek gormonynyň defisiti. Şeýle kesel bilen uly ftubola ýol ýapyk... Hiç bir ýerli klublar bu oglanjygyň bejergisi üçin aýyna birnäçe müň dollar tölemäge razy bolmaýar. Başlanmadyk karýera tamamlanyp bilerdi... Emma bu ýerde “Barselonanyň” skautlary Messini tapdylar...

Karlos TEWES (Argentina, futbol)

Karlos ýetim galanda ol ýaňy bir 6 ýaşyndady, Ol 6 aýlyk çagaka onuň ejesi ýogalýar. Kakasyny bolsa atyp öldürýärler... Karlos çagaka üstüne gaýnag suw hem döküpdir: onuň boýnundaky ýanyk bolsa häli hazirem ony şol ýagdaýy ýada salýar... Kakasy öleninden soň ony daýzasy ogullyk edip özüne alýar, ol hem Buenos-Aýres raýonynyň iň garyp we jenaýatçylykly ýerinde ýaşaýardy: Karlos türgenleşige gideninde agşam öldürilen adamlaryň jesediniň ýanynda geçýärdi. Ol özüne butsy satyn almaga hem puly ýetmeýärdi. Ol kiçi ölçegli butsy geýip oýanaýardy, şol sebäpli hem onuň aýagynyň barmaklary ösmändir.


Haladym 

 ()

“Dinamo” bilen oýundan soň “Rostow” FK-nyň oýunçylaryny doping-kontrola alyp gitdiler

801 3 13.05.2016

Göreş boýunça ýeňiji mälim boldy

2764 9 06.09.2016

Awstraliýaly 99 ýaşly ýüzüjiniň rekordy

379 13 14.03.2018

Zidan “ajaýyp ýedilige” girdi

1167 15 30.05.2016

Ýeňiji bolan iň ýaş sürüji

902 1 24.05.2016

Ýewro-2016 gatanaşyp bilmejek 15 sany futbolçylar

1027 0 17.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!