Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


FitStar – fitnesiň ýyldyzlaryndan täze türgenleşik programmasy


Eger-de siz gowy sport formasyna gelesiňiz gelýän bolsa ýa-da şähdi açyk ýagdaýda bolasyňyz gelýän bolsa onda hökmany ýagdaýda sport bilen meşgullanmaly. Mobil priloženiýalarynyň kömegi bilen bulary ýerine ýetirmeklik indi amatly boldy. Bu makalada biz sizi FitStar bilen tanyşdyrarys, ol öz gezeginde hakyky trener ýaly çykyş eder.

FitStar – bu özbaşdak fitnes bilen türgenleşmek üçin Android hem-de iOS operasion ulgamlarynda işleýän mobil priloženiýadyr. Ol özünde birnäçe türgenleşik komplekslerini saklaýar. Şonuň üçin hem FitStar bilen islendik türgenleşip bolar, şol sanda öýde ýa-da arassa howada.

Ilki bilen täze ulanyjylar üçin registrasiýa bolup, başlangyç testi geçmeli bolarlar. Bu öz mümkinçiligiňize görä agramy saýlamak üçin zerurdyr. Şondan soň türgenleşikleri saýlamaga geçip bilersiňiz. FitStarda jemi 40 golaý dürli kompleksler bar, olaryň ýarysy mugt ulanmak üçindir.

Türgenleşik başlanyndan soň priloženiýa keseligine (gorizontal) režime geçýär we türgenleşigiň hereketlerini görkezýän doly ekranly rolikleri görkezer. Her türgenleşik treneriň ruhlandyrýan sözleri, düşündirişli teswirler we dogry ritmi saýlamak üçin güýç berýän aýdym bilen dowam eder. Eger-de goşmaça maglumat gerek bolsa onda, panel dolandyrmasyny ýokary çekseň türgenleşige naçe wagt galanyny görüp bolar. Şol ýerde hem türgenleşigi tamamlap, indiki türgenleşige geçmek üçin düwmejikler hem goýulan.

 

Umuman aýdanyňda, FitStar priloženiýasy wideonyň hem-de audiomateriallaryň hiliniň gowulygy sebäpli ýeterlikli täsir galdyrýar.

Bu programmany düzmek üçin dünýäniň meşhur adamlarynyň goşandy bardyr, meselem Tony Gonzalez we Tara Stiles. Şonuň üçin FitStar bilen türgenleşmek diňe bir peýdaly däl, eýsem ýakymly.

FitStar priloženiýasy mugtdyr we Android hem-de iOS operasion ulgamlary üçin çykarylandyr. Pully programmasyny alanlar üçin bolsa kompleksleriň giňişleýin görnüşleri hem-de goşmaça türgenleşme programmalary göz öňünde tutulandyr.


Haladym 

 ()

Göreş boýunça ýeňiji mälim boldy

2764 9 06.09.2016

Ýewro-2016 gatanaşyp bilmejek 15 sany futbolçylar

1027 0 17.05.2016

37 ýaşly hüjümçi ýygynda çagyryldy

862 1 18.05.2016

FitStar – fitnesiň ýyldyzlaryndan täze türgenleşik programmasy

1654 3 07.06.2016

Türkmen samboçylary Aziýada öňdäki orunda barýarlar

904 3 30.05.2016

Zidan “ajaýyp ýedilige” girdi

1167 15 30.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!