Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Matematiklere görelde


Şu gezekgi makalamyzda türkmen matematigi Nazar Hangeldiýewiç Agahanow barada kelam agyz durup geçmegi makul bildik. Onuň durmuş ýoly bilen tanyşdyraýyn. Nazar aga 1954-nji ýylyň iýun aýynyň 25-ne Aşgabat şäherinde doglan, MFTI-niň ýokary matematika kafedrasynyň dosenti, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty. Onuň kakasy kinorežisýor Hangeldi Agahanow. Nazar Hangeldiýewiç Aşgabadyň 6-njy mekdebinde okaýar. Mekdep döwri Bütinsoýuz (Всесоюзной) matematika olimpiýadasyna gatnaşýar we ýokary netijeleri görkezýär. Soňra Nikolaý Nikolaýewiç Konstantinowyň çakylygy boýunça MGU-a okuwa girýär we şol ýerde matematika kružoklara gatnaýar. 1974-nji ýylda birinji gezek mekdep okuwçylarynyň Bütinsoýuz olimpiýadasyna žýurilik edýär. 1993-nji ýyldan bäri Russiýanyň matematika boýunça mekdep olimpiýadasynyň žýurisi.

1976-njy ýylda MGU-ny gutarýar, 1979-njy ýylda MGU-nyň mehanika-matematika fakultetiniň asperanturasyny gutarýar.

Häzirki wagtda MFTI - niň ýokary matematika kafedrasynda işleýär. Zehinli çagalar bilen işlemegiň tejribesi proýektiň matematika bölümine ýolbaşçylyk edýär.

Nazar Agahanow mekdep matematika boýunça Bütindünýä olimpiýadasyna gatnaşýan Russiýanyň milli ýygyndysynyň lideri, matematika boýunça Bütindünýä olimpiýadasynyň maslahat beriji toparynyň agzasy. Birnäçe gezek bu olimpiýadanyň eminler toparynyň agzasy we başlygy. Hut Nazar Hangeldiýewiçiň tagallasy bilen Russiýanyň milli ýygyndysy derejesi boýunça dünýä boýunça Hytaýdan soň ikinji ýerde durýar.

Bu beýik şahsyýet ýaş türkmen matematiklerine görelde mekdebi bolup bilermikä diýýän.

Kitaplary we makalalary

  • Агаханов Н.Х., Л.П. Купцов, Ю.В. Нестеренко. Математические олимпиады школьников. — М.: Просвещение, 1997. — 207 с. — 20 000 экз. — ISBN 5-09-007093.

  • Школьные математические олимпиады / Сост. Н.Х. Агаханов, Д.А. Терешин, Г.М. Кузнецова. — 2-е изд., стер.. — М.: Дрофа, 2001. — 127 с. — (Шк. олимпиады). — 5 000 экз. — ISBN 5-7107-4497-2.

  • Агаханов Н. Х., Власов В. В., Коваленко Л. И., Романко В. К. Сборник задач по дифференциальным уравнениям и вариационному исчислению. — Юнимедиастайл, 2002. — 256 с. — 5 000 экз. — ISBN 5-93208-120-1.

  • Агаханов Н. Х., Подлипский О. К. Математические олимпиады Московской области. 1993–2005. — Издание 2-е, исправленное и дополненное. — М.: Физматкнига, 2006. — 320 с. — 2 000 экз. — ISBN 5-89155-141-1.

  • Агаханов Н. Х., Богданов И.И., Кожевников П.А. Всероссийские олимпиады школьников по математике 1993—2006. — М.: МЦНМО, 2007. — 472 с. — 3 000 экз. — ISBN 978-5-94057-262-6.

  • Агаханов Н.Х., Богданов И.И., Кожевников П.А. Математика: Всероссийские олимпиады: Выпуск 1. — М.: Просвещение, 2008. — 192 с. — (Пять колец). — 10 000 экз. — ISBN 978-5-09-017182-3.

  • Математика. Всероссийские олимпиады / Н. Х. Агаханов, О. К. Подлипский.. — М.: Просвещение, 2009. — 157 с. — (Пять колец). — 7 000 экз. — ISBN 978-5-09-018636-0.

Käbir kitaplaryny biziň kitaphana bölümimizden alyp bilersiňiz!!!


Haladym 

 ()

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY Daňatar ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

347 1 17.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGYNYŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

8 0 16.07.2018

S. A. NYYAZOW ADYNDAKY TURKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2634 5 14.07.2015

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

541 1 13.07.2017

AHAL WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

554 7 17.07.2017

Çykyş? Nähili çykyş etmeli? (Peýdaly maslahatlar)

1204 4 03.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!