Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI


2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri)  boýunça talyplyga Kabul edýändigini  yglan edýär:

1. Fizika we matematika (hünärler: matematika; amaly matematika we  informatika; fizika; radiofizika we elektronika).

2. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

3. Tebigy bilimler (hünärler: biologiýa; daşky gurşawy öwreniş;  geografiýa; himiýa; kartografiýa; meteorologiýa; psihologiýa).

4. Ynsanperwerlik- durmuş bilimleri (hünärler: taryh; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; arheologiýa; ylahyýet).

5. Dil we edebiýat (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we  edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan

dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars  dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty; žurnalistika).

6. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

Tölegli esasda hünärmenleri  taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

1. Fizika we matematika (hünär: radiofizika we elektronika).

2. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

3. Tebigy bilimler (hünärler: geografiýa; himiýa; psihologiýa).

4. Ynsanperwerlik- durmuş bilimleri (hünär: taryh).

5. Dil we edebiýat (hünär: iňlis dili we edebiýaty).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2017- nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň  adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän  ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz  sany fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan üstünlikli geçen  ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.

Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  kabul edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy   geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip biler.

Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  uniwersitetde  (Aşgabat  şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär:

Balkan  welaýaty  — iýul aýynyň  30-31-i, awgust  aýynyň  3-i we  5-i  günleri

Mary  welaýaty  — awgust  aýynyň  1-i-2-si, 4-i we 5-i günleri

Aşgabat  şäheri  — awgust  aýynyň  6-7-si, 10-y we 12-si günleri

Lebap   welaýaty  — awgust  aýynyň  8-9-y, 11-i we 12-si günleri

Daşoguz   welaýaty  — awgust  aýynyň  13-14-i, 17-si we 19-y günleri

Ahal welaýaty   — awgust  aýynyň  15-16-sy, 18-i we 19-y günleri

Giriş   synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

matematika;   amaly  matematika  we informatika;  Maglumat  ulgamlary  we tehnologiýalary  hünärleri  — matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy;

fizika;  radiofizika  we elektronika  hünärleri  — fizika,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy;

biologiýa  hünäri  — biologiýa,  himiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

himiýa  hünäri  — himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

geografiýa;  daşky  gurşawy  öwreniş  hünärleri  — geografiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy; 

kartografiýa;  meteorologiýa  hünärleri  — geografiýa, matematika,  Türkmenistanyň  taryhy; 

psihologiýa  hünäri  — biologiýa,  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy;

taryh;   arheologiýa;  gündogary  öwreniş;  syýasaty  öwreniş;  ylahyýet  hünärleri  — Türkmenistanyň  taryhy,  türkmen  dili  we   debiýaty,  jemgyýeti  öwreniş; 

türkmen   dili  we edebiýaty;  žurnalistika  hünärleri  — türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy,  jemgyýeti  öwreniş;

iňlis  dili  we edebiýaty;  fransuz  dili  we edebiýaty;  nemes  dili  we  edebiýaty;  pars dili  we edebiýaty;  türk dili  we edebiýaty;  arap  dili  we edebiýaty;  hytaý  dili  we edebiýaty  hünärleri  — saýlap alan  hünär  dili  boýunça  ýa-da iňlis  dili,  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

 italýan  dili  we edebiýaty  hünäri  — iňlis  dili,  türkmen  dili  we  edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy;

hukuk   öwreniş  hünäri  — Türkmenistanyň  taryhy,   türkmen  dili  we  edebiýaty,  jemgyýeti  öwreniş. 

Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär. 

 Degişli  dil öwredýän  derslerden  başga,  ähli  dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.

Giriş   synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaglara  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.

Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— mugallymçylyk  mekdebini  tamamlan  we mugallymçylyk  ugrundan  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar  (mugallymçylyk  hünärlerine); 

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler;

 — hukuk öwreniş  hünärine  girýänler üçin hukuk  goraýjy  edaralarda  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  hem-de şol edaralaryň  döwlet  we  welaýat  derejesindäkilerinden  hödürnamasy  bolanlar.

Magtymguly  adyndaky  Türkmen  döwlet  uniwersitetiniň  salgysy:  Aşgabat  ş.,Saparmyrat  Türkmenbaşy  şaýoly,  31;  tel.: 94-69-90,  4-54-29.


Haladym 

 ()

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT GURLUŞYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2339 8 20.07.2015

Täze galaktikanyň üsti açyldy

789 2 14.07.2015

Tesla ýaşaýyş jaýlarynyň üçegini gün panellerinden edip bermek hyzmatlaryny ýola goýdy

376 9 12.01.2018

Ýupiteriň orbitasynda hereket edýän “Juno” kosmos enjamy

143 5 11.06.2018

S. A. NYÝAZOW ADYNDAKY TURKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ TÜRKMENABAT AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1596 3 22.07.2015

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

802 6 13.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!