Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ MILLI SPORT WE SYÝAHATÇYLYK INSTITUTY


2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini yglan edýär:

1. Sport (hünärler:sport; ýokary derejeler  sporty;  bedenterbiýe).

Tölegli  esasda  okadyljak  hünärmenleri  taýýarlamagyň  ugurlary  we hünärleri:

1. Syýahatçylyk  (hünärler:  myhmanhana  işewürligi;  syýahatçylyk  işewürligi).

 2. Sport (hünärler:  sport žurnalistikasy;  sagaldyş  işi; sport  tehnologiýalarynyň  tehniki  üpjünçiligi).

3. Menejment  (hünär:  sport desgalaryny  dolandyrmak).

4. Maliýe  işi we karzlar  (hünär:  sporty  maliýeleşdirmek).

Instituta  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da orta  hünär  bilimli, ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça

bäsleşik esasynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  welaýat  merkezlerinde  we  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10 — 26-njy iýuly  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama

(asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)

häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— sportsmeniň  kämillik  kitapçasy  (sport, ýokary  derejeler  sporty,

bedenterbiýe,  sport žurnalistikasy,  sagaldyş  işi hünärleri  boýunça

I derejeden  pes bolmadyk) we sport mekdebinden  hödürnama  (sport

ugruna  okuwa  girýänler  üçin); 

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep

okuwçylarynyň  dersler boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan

Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary,  Türkmenistanyň   çempionlary we halkara  sport ýaryşlarynyň  ýeňijileri  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  kabul  edýän

iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.

Dalaşgär  talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip

biler.

Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär. 

Giriş  synaglary  we okuwa  kabul  edilmek  Aşgabat  şäherinde  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär:

Daşoguz  welaýaty  — iýul aýynyň  30-31-i, awgust  aýynyň 3-i we 5-i günleri

Lebap  welaýaty  — awgust  aýynyň  1-2-si, 4-i we  6-sy günleri

Balkan  welaýaty  — awgust  aýynyň  7-8-i, 11-i we  13-i günleri

Mary  welaýaty  — awgust aýynyň  9-10-y, 12-si  we 14-i günleri

Ahal welaýaty  — awgust  aýynyň  15-16-sy, 19-y  we 21-i günleri

Aşgabat  şäheri  — awgust  aýynyň  17-18-i, 20-si  we 22-si günleri

Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

sport; ýokary  derejeler  sporty  bedenterbiýe;  sagaldyş  işi hünärleri  — sportuň  saýlanan  görnüşi  (okuwa  girýänler  institutda  alnyp  barylýan  sportuň  43 görnüşiniň  birinden  tassyklanylan  möçbernamany  ýerine  ýetirmeli),  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;  myhmanhana  işewürligi;  syýahatçylyk  işewürligi;  sport   urnalistikasy  hünärleri  — Türkmenistanyň  taryhy,  türkmen  dili  we  edebiýaty,  jemgyýeti  öwreniş;

sport desgalaryny  dolandyrmak;  sporty  maliýeleşdirmek;  sport tehnologiýalarynyň  tehniki  üpjünçiligi  hünärleri  — matematika,  Türkmenistanyň  taryhy,  jemgyýeti  öwreniş. 

Dersler   boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär. 

Giriş   synaglarynyň  tertibinde  bellenilen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.    Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda baha  alanlardan  talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar: 

— Türkmenistanyň  orta  sport mekdeplerini  tamamlan  ýokary  derejeli  türgenler;

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;  — 2013-2017-nji ýyllarda  geçirilen  Halkara  ýaryşlaryň  ýeňijileri;

— 2013-2017-nji ýyllarda  sportuň  görnüşleri  boýunça  Türkmenistanyň milli  ýygyndy  toparlarynyň  agzalary;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmenistanyň  Milli  sport we syýahatçylyk  institutynyň  salgysy:    Aşgabat  ş., Saparmyrat  Türkmenbaşy  şaýoly,  40; tel.: 22-65-37,  22-68-61.


Haladym 

 ()

JEMAGAT HOJALYGY MINISTRLIGINIŇ MARY ŞÄHERINDÄKI JEMAGAT HOJALYGY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2228 0 22.07.2015

LEBAP WELAYAT MALIYE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2298 5 23.07.2015

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ BAÝRAMALY AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

399 1 17.07.2017

Bermud üçburçlygy we onuň taryhy syry barada ylmy çaklamalar

1251 3 19.04.2016

Hytaýda dünýäde iň uly teleskopyň gurluşygy tamamlandy

1238 3 05.07.2016

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebi

8 0 13.07.2018





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!