Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY


2017/2018-nji okuw ýyly  üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga   Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Halkara  gatnaşyklary  we halkara  hukugy   (hünärler:  halkara  hukugy;  halkara  gatnaşyklary  we diplomatiýa).

2. Menejment  (hünär:  halkara  ykdysady  gatnaşyklary).

3. Dil we edebiýat   (hünär:  halkara  žurnalistikasy).  Instituta  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den  geçmedik  raýatlary giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10 — 26-njy  iýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl  nusgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;  — soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat; 

— işleýänler   üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip   biler.

Nädogry  berlen maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  institutda  (Aşgabat  şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär:

Lebap  welaýaty  — iýul aýynyň  30-y, awgust  aýynyň 2-si we 5-i günleri

Daşoguz  welaýaty  — iýul aýynyň  30-y, awgust  aýynyň 2-si we 5-i günleri 

Mary  welaýaty  — iýul aýynyň  31-i, awgust  aýynyň 3-i we 6-sy günleri

Balkan  welaýaty  — iýul aýynyň  31-i, awgust  aýynyň  3-i we 6-sy  günleri

Aşgabat  şäheri  — awgust  aýynyň  1-i, 4-i we 7-si günleri 

Ahal   elaýaty  — awgust  aýynyň  1-i, 4-i we 7-si günleri

Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär: 

Halkara  gatnaşyklary  we diplomatiýa;  halkara  hukugy  hünärleri

— Türkmenistanyň  taryhy,  iňlis  dili,  türkmen  dili  we edebiýaty;

Halkara  ykdysady  gatnaşyklary  hünäri  — matematika,  iňlis  dili, Türkmenistanyň  taryhy;

Halkara  žurnalistikasy  hünäri  — türkmen  dili  we edebiýaty,  iňlis  dili,  Türkmenistanyň  taryhy.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Degişli  dil öwredýän  derslerden  başga,  ähli  dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.

Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça   synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk iş tejribesi

bolanlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmenistanyň  Daşary  işler  ministrliginiň  Halkara  gatnaşyklary  institutynyň  salgysy:  Aşgabat  ş., Galkynyş  köçesi,  25; tel.: 22-68-50.


Haladym 

 ()

TÜRKMENISTANYŇ JEMAGAT HOJALYGY INSTITUTY

7 0 16.07.2018

Goja Arhimediň rowaýaty meselesini çözeliň.

5125 24 12.06.2015

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1444 1 21.07.2015

LEBAP WELAÝAT MALIÝE- YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

618 12 17.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT GURLUŞYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2339 8 20.07.2015

Täze galaktikanyň üsti açyldy

789 2 14.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!