Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ JEMAGAT HOJALYGY INSTITUTY


2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Gurluşyk we binagärlik (hünärler: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy; awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we  onnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy; ýylylyk, gaz  pjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak).

2. Tehnologik maşynlar we enjamlar (hünär: göteriji, äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary).

3. Energetika (hünär: elektrik üpjünçiligi).

4. Dizaýn (hünär: binagärlik gurşawynyň dizaýny).

5. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş (jemagat hojalygy ulgamy üçin); buhgalter hasaby we audit (jemagat hojalygy ulgamy üçin)).

6. Ýaşaýyş- durmuş howpsuzlygy, tebigy abadanlaşdyrylyş we daşky gurşawy goramak (hünär: tehnosfera howpsuzlygy).

7. Kompýuter tehnologiýasy (hünärler: Maglumat ulgamlary we  ehnologiýalary; inžener ulgamlary we torlary). Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda Kabul edilýär.  Resmi iş kagyzlary 2017-nji ýylyň 10 — 26-njy iýuly aralygynda Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynda (Aşgabat  ş.) Kabul edilýär.

 Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl  usgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby  bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça

Halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl  usgasyny tabşyrýar. Bulardan başga- da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary Kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we  usgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

 — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy

geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlin maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş  synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynda aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-I we 5-i günleri

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-I günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-I günleri

Mary welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

 binagärlik gurşawynyň dizaýny hem-de tehnosfera howpsuzlygy ünärleri — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy; alan ünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw  aksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga  kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:  saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az  olmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., B.Annanow köçesi, 136, «A» okuw binasy; tel.: 28-18-85, 28-18-16.


Haladym 

 ()

Material nokadyň orta tizligi. Pursatlaýyn tizlik we tizlenme

938 3 10.07.2015

Planetalaryň ýörişi (parad) näme we iň golaý bolmaly wagty

1749 2 08.06.2015

Olimpiýadaça gollanma (dowamy)

911 3 30.06.2015

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

14249 58 14.07.2015

Excelde tablisanyň sütünini gizlemek we görkezmek

782 2 17.06.2015

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY

2372 0 15.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!