Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ OBA WE SUW HOJALYK MINISTRLIGINIŇ TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY


2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri)  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan edýär:

1. Agronomçylyk  (hünärler:  agronomçylyk;  agroekologiýa  (oba  hojalygynyň  ekologiýasy);  agrohimiýa  we topragy öwreniş).

2. Maldarçylyk  we weterinar  lukmançylygy  (hünär:  weterinar  lukmançylygy).

3. Gidromeliorasiýa  we oba hojalygynyň  mehanizasiýasy  (hünärler: mirapçylyk  (gidromelioratiw  ulgamlarynyň  ulanylyşy);  oba  hojalygyny  mehanizmleşdirmek;  gidromeliorasiýa  (suw  gorlary  we  dolandyrmak);  tehniki  hyzmatyň  guralyşy  we tehnologiýasy).  Tölegli esasda  okadyljak  hünärmenleri  taýýarlamagyň  ugurlary we hünärleri:

1. Pudak  kärhanalarynyň  ykdysadyýeti  we dolandyrylyşy  (hünär:  oba  hojalygynyň  ykdysadyýeti).

2. Ykdysadyýet  we hojalyk  hukugy  (hünär:  oba hojalygynda  buhgalter  hasaby  we audit).

3. Kompýuter  tehnologiýasy  (hünär:  oba hojalygynda  Maglumat ulgamlary).  Instituta  Türkmenistanyň  umumy  orta ýa-da orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den  geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary Lebap,  Mary,  Daşoguz  welaýatlarynyň  merkezlerinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy iýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

 Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama

(asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)

häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri, umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar. Bulardan başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna

Aşakdakylary görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

  — Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we  ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin  artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlen maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  institutda  (Daşoguz  şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär: 

Mary  welaýaty   — iýul aýynyň  31-I  awgust aýynyň 1-i, awgust

Aýynyň 4-i we  6-sy günleri

Lebap  welaýaty  — awgust  aýynyň  2-3-i, 5-i we 7-si günleri

Daşoguz  welaýaty  — awgust  aýynyň  8-9-10-y, 11-12-si we 13-i günleri. 

 Giriş synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:  agronomçylyk;  maldarçylyk  we  weterinar  lukmançylygy  ugurlary  — himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

Gidromeliorasiýa  we oba hojalygynyň  mehanizasiýasy;  kompýuter  tehnologiýasy  ugurlary  — matematika,  fizika,  Türkmenistanyň taryhy;

Pudak  kärhanalarynyň  ykdysadyýeti  we dolandyrylyşy;  ykdysadyýet  we hojalyk  hukugy  ugurlary  — matematika,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy. 

Dersler   boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenilen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň   biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— soňky  2-3 ýylyň  dowamynda  ýokary  netijeler  gazanan  we etrap  häkimligi  tarapyndan  degişli  hünärlere  hödürlenen  kärendeçiler  we  mülkdarlar;

 — çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmenistanyň  Oba we suw  hojalyk  ministrliginiň  Türkmen  oba  hojalyk  institutynyň  salgysy:  Daşoguz  ş., Ruhnama  köçesi,  94;  tel.: 5-31-60, 5-22-49, 5-57-02,  5-03-92.


Haladym 

 ()

Mars 11 ýyl aýralykdan soň Ýere golaý iň ýakyn ara geldi

888 6 03.06.2016

MARYNYŇ H. DERYAYEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBl

3322 8 20.07.2015

Matematiki tablisalar

1265 4 11.07.2015

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

8 0 13.07.2018

DAŞOGUZ WELAÝAT MALIÝE- YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

708 10 17.07.2017

TÜRKMENABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

485 0 17.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!