Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY MARY LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Farmasiýa. 

2. Bejeriş işi.

3. Şepagatçylyk işi.

Tölegli esasda:

1. Bejeriş-  öňüni  alyş işi.  Lukmançylyk  mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Mary  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy iýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we  nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

  — Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin  dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-  nji ýylyň  iýul  aýynyň  30-31-i, awgust  aýynyň  2-si we 4-I  S.A.Nyýazow  adyndaky  Mary  lukmançylyk  orta  okuw mekdebinde  (Mary ş.) geçirilýär.

Giriş  synaglary  ähli  hünärler  boýunça  himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Dalaşgärleriň  saýlap  alan   ünärine  durnuklydygyny  kesgitlemek  maksady  bilen,  olar   atologoanatomiki  muzeý  bilen  tanyşdyrylar.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.

Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kab ul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi    olanlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy geçenler.

S.A.Nyýazow  adyndaky  Mary  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebiniň  salgysy:  Mary  ş., Parahatlyk  köçesi,  6; tel.: 5-41-52, 5-42-49.


Haladym 

 ()

Adamly uçuşlar 2030-njy ýylda başlar

769 5 23.10.2015

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ TÜRKMENABAT AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

10 0 13.07.2018

«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» DÖWLET MILLI GULLUGYNYŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBI

1021 1 21.07.2015

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERS1TETI

1657 1 15.07.2015

TÜRKMENABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

485 0 17.07.2017

HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI

1532 0 14.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!