Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Laboratoriýa  anyklaýşy.

2. Farmasiýa.

3. Bejeriş işi.

4. Şepagatçylyk işi.

Tölegli esasda:

1. Bejeriş-  öňüni  alyş işi. Lukmançylyk  mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.  Resmi  iş kagyzlary  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy  iýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa); 

— umumy   orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we  derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş  toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar: — şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlen  maglumatlar  we resmi  iş  kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  iýul   ýynyň  30-31-i, awgust  aýynyň  2-3-i, we 5-i günlerinde I.Gandi  adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebinde  geçirilýär.  Giriş  synaglary  ähli  hünärler  boýunça  himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Dalaşgärleriň  saýlap  alan  hünärine  durnuklydygyny  kesgitlemek  maksady  bilen,  olar  patologoanatomiki  muzeý  bilen  tanyşdyrylar.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň  mukdarda  baha alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Indira  Gandi  adyndaky   Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebiniň  salgysy:   Aşgabat  ş., 2023-nji (M.Kösäýew)  köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-89-58.


Haladym 

 ()

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

7 0 16.07.2018

JEMAGAT HOJALYGY MINISTRLIGINIŇ MARY ŞÄHERINDÄKI JEMAGAT HOJALYGY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2228 0 22.07.2015

TÜRKMENISTANYŇ MILLI SPORT WE SYÝAHATÇYLYK INSTITUTY

9 0 16.07.2018

Ýupiteriň orbitasynda hereket edýän “Juno” kosmos enjamy

143 5 11.06.2018

«TÜRKMENNEBITGAZGURLUŞYK» DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1494 4 20.07.2015

Awstraliýanyň günbatarynda Ýere iň güýçli gaçan asteroidiň yzy tapyldy

818 6 23.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!