Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


GURBANSOLTAN EJE ADYNDAKY DAŞOGUZ LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Akuşerçilik işi.

2. Bejeriş işi.

3. Şepagatçylyk işi.

Tölegli esasda:

1. Bejeriş-öňüni alyş işi.

Lukmançylyk mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Daşoguz  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy  iýuly  aralygynda  Kabul edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama (anketa);

— umumy orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep   okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol  ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we  nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.

Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin  dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji  ýylyň  iýul   ýynyň  30-31-i, awgust  aýynyň  2-si we 4-i günlerinde  Gurbansoltan  eje adyndaky  Daşoguz  lukmançylyk  orta  okuw mekdebinde  (Daşoguz  ş.) geçirilýär. 

Giriş  synaglary  ähli  hünärler  boýunça  himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Dalaşgärleriň  saýlap  alan  hünärine  durnuklydygyny  kesgitlemek  maksady  bilen,  olar patologoanatomiki  muzeý  bilen  tanyşdyrylar.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin  artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Gurbansoltan  eje adyndaky  Daşoguz  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebiniň  salgysy:  Daşoguz  ş., Garaşsyzlygyň  10 ýyllygy  köçesi,  17;  tel.: 2-21-64, 2-21-18.


Haladym 

 ()

Adanyň içindäki ada

881 2 29.04.2016

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI

3378 5 15.07.2015

Saz ýeňiş getirýär

733 1 03.05.2016

Lukmanlar geljekde dermana derek QR-kody ulanarlar

524 9 12.02.2018

LEBAP WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

8 0 13.07.2018

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

655 1 13.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!