Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK we BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT GURLUŞYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky  hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

2. Gurluşyk materiallaryny we demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy.

3. Amaly geodeziýa.

4. Gurluşyk hem-de ýol maşynlary we enjamlary.

5. Suw üpjünçilik we hapalanan suwlary akdyryş ulgamlarynyň we enjamlarynyň ulanylyşy.

6. Elektrik üpjünçiligi.

7. Ýer üsti dag işleri.

8. Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy, ulanylyşy we abatlanylyşy.

 9. Gurluşygyň ykdysadyýeti.

10. Binagärlik.

11. Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş.

12. Guýulary barlamagyň geofiziki usullary.

13. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek. Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda  kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-njy iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda Kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri  boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl  nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga- da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we  nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde Türkmenistanyň Gurluşyk we  binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş  synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: binagärlik hünäri

— surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy; galan ähli hünärler

— fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw  aksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary  döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik  ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw  mekdebiniň salgysy:

Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje  şaýoly, 10; tel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.


Haladym 

 ()

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

44 1 13.07.2018

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ we DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGYNYŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

736 17 17.07.2017

AŞGABAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

362 0 17.07.2017

TÜRKMENABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

485 0 17.07.2017

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERS1TETI

1657 1 15.07.2015

“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

383 1 17.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!