Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


“TÜRKMENNEBITGAZGURLUŞYK” DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

2. Gurluşygyň ykdysadyýeti.

3. Gurluşyk hem-de ýol maşynlary we enjamlary.

4. Peýdaly magdanlary agtarmagyň tehnikasy we tehnologiýasy.

5. Guýulary barlamagyň geofiziki usullary.

6. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.

7. Geologiki kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi.

8. Nebit we gaz guýularyny burawlamak.

9. Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini guramak.

10. Amaly geodeziýa.

 11. Elektrik geçiriji liniýalarynyň gurluşygy we gurnalyşy.

12. Senagatda buhgalter hasaby. Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-njy  iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda Kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal  etmegiň kepil haty;

 — 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl  nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga- da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary Kabul edýän  iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we  nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlin maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa Kabul edilmek 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde„ «Türkmennebitgazgurluşyk » döwlet  konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw   mekdebinde (Balkanabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw  aksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

 — saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

«Türkmennebitgazgurluşyk » döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat şäheri, 161-nji kwartal, 21-nji jaý; tel.: 6-06-89, 6-08-85, 6-06-84, 6-06-72, 6- 14-81.


Haladym 

 ()

WKontakte sosial torunda ulanyjynyň sms-leriniň öz-özünden aýrylmagy

1886 1 26.12.2016

“Türkmenhowaýollary” gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi

11 0 13.07.2018

DAŞOGUZYŇ MAGTYMGULY GARLYÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

319 0 17.07.2017

Fiziki ululyklaryň ölçeg birlikleri

7496 26 10.07.2015

Täze galaktikanyň üsti açyldy

789 2 14.07.2015

Atmosferasy ýiten planetalar

714 0 21.04.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!