Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Nebit,  gaz känleriniň  enjamlaryna  tehniki  hyzmat  etmek  we olary  abatlamak.

 2. Nebit  we gaz guýularyny  ulanmak.

3. Nebitgazgeçirijilerini  we nebitgazyň  saklanýan  ýerlerini ulanmak.

4. Nebit we gaz känlerini  işläp geçmek.

5. Nebit we gaz guýularyny  burawlamak.

6. Elektrik ulgamlary  we torlary.

7. Himiýa we nebiti,  gazy  gaýtadan  işleýän  senagaty  kärhanalarynyň  enjamlaryna  tehniki  hyzmat  etmek  we olary  abatlamak.

8. Aragatnaşyk  torlary  we kommunikasiýa  ulgamlary.

9. Awtomatlaşdyrylan  elektrotermiki  ulgamlaryň önümçiligi.

10. Buhgalter hasaby  we maliýeleşdiriş.

11. Ykdysadyýet we dolandyryş. 

Orta  hünär  okuw mekdebine Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär.  Okuwyň  möhleti  2,5 ýyl  we tölegli.

Resmi  iş kagyzlary  Mary  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-  njy  iýulyndan  17-nji awgusty  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna  ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy orta bilim  barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman  senagaty  ministrligiň tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden) häsiýetnama;

 — bellenilen  nusga  boýunça  okuw üçin tölegi  öz wagtynda  amal  etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölç egde sekiz  sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol  ýagdaýlary tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlen  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin  dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  awgust  aýynyň  19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde  «Türkmengaz  » döwlet  konserniniň  Mary  nebitgaz  orta  hünär  okuw  mekdebinde  (Mary  ş.)  geçirilýär.

Giriş  synaglary  ähli  hünärler boýunça  fizika,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;  — çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler. 

«Türkmengaz  » döwlet  konserniniň  Mary  nebitgaz  orta  hünär  okuw mekdebiniň  salgysy:  Mary  şäheri,  Kemine  köçesi,  33; tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10.


Haladym 

 ()

BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

339 0 17.07.2017

LEBAP WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

1144 1 21.07.2015

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

801 6 13.07.2017

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

412 4 17.07.2017

Planometrýanyň elementleri

1560 5 06.06.2015

Fiziki ululyklaryň ölçeg birlikleri

7496 26 10.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!