Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini  yglan  edýär

1. Azyk önümleriniň  tehnologiýasy.

2. Dokma önümçiligi.

3. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

4. Agronomçylyk.

5. Pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy.

6. Oba hojalygynda buhgalter hasaby.

7. Dänäni Kabul  etmegiň,  saklamagyň  we arassalamagyň tehnologiýasy.

8. Atçylyk.

9. Tikin  önümçiliginiň  tehnologiýasy.

10. Ýer gurluşygy.

11. Oba hojalygynyň  ykdysadyýeti.

12. Weterinariýa.

Orta  hünär  okuw mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär.  Okuwyň  möhleti  2 ýyl we  tölegli.

Resmi  iş kagyzlary  Türkmenabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-njy  iýulyndan  17-nji awgusty  aralygynda  kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— bellenilen  nusga  boýunça  okuw üçin tölegi  öz wagtynda  amal etmegiň  kepil haty;

— 3x4 sm ölçegde sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol  ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar: — şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary

Görkezip  biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  awgust  aýynyň  19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde  S.A.Nyýazow  adyndaky  Türkmen  oba hojalyk  uniwersitetiniň  Türkmenabat  agrosenagat  orta  hünär  okuw  mekdebinde  (Türkmenabat  ş.) geçirilýär.

Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

azyk önümleriniň  tehnologiýasy;  atçylyk;  agronomçylyk;  weterinariýa  hünärleri  — biologiýa,  himiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

dokma  önümçiligi;  tikin  önümçiliginiň  tehnologiýasy;  pagtany  ilkinji  işlemegiň  tehnologiýasy;  dänäni  kabul  etmegiň,  saklamagyň  we arassalamagyň  tehnologiýasy  hünärleri  — himiýa,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy;

oba hojalygynyň  mehanizasiýasy;  ýer gurluşygy  hünärleri  —  matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy;

oba hojalygynda  buhgalter  hasaby;  oba hojalygynyň  ykdysadyýeti  hünärleri  — matematika,  biologiýa,  Türkmenistanyň

taryhy. 

Dersler   boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta mekdepleriniň

okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara goýberilmeýär.

Giriş  synaglarynyň  netijeleri boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda   görkezilenler  peýdalanýarlar:

— soňky  2-3 ýylyň  dowamynda  ýokary  netijeler  gazanan  we etrap  häkimligi  tarapyndan  degişli  hünärlere  hödürlenen  kärendeçiler  we  mülkdarlar;

— çagyryş boýunça  harby  gullugy  geçenler.

S.A.Nyýazow  adyndaky  Türkmen  oba hojalyk  uniwersitetiniň  Türkmenabat  agrosenagat  orta  hünär  okuw mekdebiniň  salgysy: Türkmenabat  şäheri,  Zelili  köçesi,  1 «A”;  tel.: 9-88-12, 9-89-56, 9-87-71.


Haladym 

 ()

Atmosferasy ýiten planetalar

714 0 21.04.2016

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

10 0 13.07.2018

“Kepler”-iň täze açyşlary

751 3 17.05.2016

TÜRKMEN DÖWLET NEŞIRÝAT GULLUGYNYŇ NEŞIRÝAT-ÇAPHANA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

6 0 14.07.2018

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

383 3 13.07.2017

DAŞOGUZ WELAÝAT MALIÝE- YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

708 10 17.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!