Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Nebit,  gaz känleriniň  enjamlaryna  tehniki  hyzmat  etmek  we olary abatlamak.

2. Nebit we gaz guýularyny  ulanmak.

3. Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň  saklanýan  ýerlerini ulanmak.

4. Nebit we gaz känlerini  işläp geçmek.

5. Nebit we gaz guýularyny burawlamak.

6. Elektrik ulgamlary  we torlary.

7. Himiýa we nebiti, gazy gaýtadan  işleýän  senagaty  kärhanalarynyň  enjamlaryna  tehniki  hyzmat  etmek  we olary  abatlamak.

8. Aragatnaşyk torlary  we kommunikasiýa  ulgamlary.

9. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki  ulgamlaryň  önümçiligi.

10. Buhgalter  hasaby we maliýeleşdiriş.

11. Ykdysadyýet we dolandyryş. 

Orta  hünär  okuw mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär.  Okuwyň  möhleti  2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary  Mary  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-  njy   ýulyndan  17-nji awgusty  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen  nusga  boýunça  okuw üçin tölegi  öz wagtynda amal etmegiň kepil  haty;

— 3x4 sm ölçegde  sekiz  sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol  ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli   resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin  dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär. 

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  awgust  aýynyň  19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde  «Türkmengaz  » döwlet  konserniniň  Mary  nebitgaz  orta  hünär  okuw  mekdebinde  (Mary  ş.)   eçirilýär.

  Giriş synaglary  ähli  hünärler  boýunça  fizika,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar: 

—  saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;

 — çagyryş   boýunça  harby  gullugy  geçenler.

«Türkmengaz  » döwlet  konserniniň  Mary  nebitgaz  orta  hünär  okuw mekdebiniň  salgysy:  Mary  şäheri,  Kemine  köçesi, 33; tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10.


Haladym 

 ()

HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI

1532 0 14.07.2015

MARYNYŇ HYDYR DERÝAÝEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

687 2 17.07.2017

«TÜRKMENGAZ» DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1621 2 22.07.2015

SEÝITNAZAR SEYDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

3968 7 14.07.2015

TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER - TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI

593 6 13.07.2017

“Küşt” patyşalaryň oýuny

1103 6 13.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!