Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Dänäni Kabul etmegiň, saklamagyň we arassalamagyň tehnologiýasy.

2. Oba hojalygynyň ykdysadyýeti.

3. Çörekbişiriş, makaron we konditer önümçiligi.

4. Miwe we gök önümlerini gaýtadan işlemek.

5. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.

6. Oba hojalygynda buhgalter hasaby.

7. Pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy.

8. Ösümlikleri goramak.

9. Weterinariýa.

10. Ýer gurluşygy.

11. Gidromeliorasiýa.

12. Tokaý we seýil bag hojalygy.

13. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

14. Agrohimiýa. Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-njy iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda Kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan

peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga- da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary Kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we   nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan

peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlin maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa Kabul edilmek 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: dänäni Kabul etmegiň, saklamagyň we  rassalamagyň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işlemegiň tehnologiýasy hünärleri

— himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy; oba hojalygynyň ykdysadyýeti; oba hojalygynda buhgalter hasaby hünärleri

—  matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; çörekbişiriş, makaron we konditer önümçiligi; miwe we gök önümlerini gaýtadan işlemek; turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy; ösümlikleri goramak; weterinariýa; agrohimiýa; tokay we seýil bag  hojalygy hünärleri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; ýer  gurluşygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy. Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmediklerýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

 — çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 2070 (Tähran) köçe, j.6; tel.: 34-98-91, 34-91-24.


Haladym 

 ()

TURKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY

2616 0 15.07.2015

“Kepler”-iň täze açyşlary

751 3 17.05.2016

Element näme? Umumy aýratynlyklary nähilidir?

1049 2 06.05.2016

BALKAN WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

749 0 23.07.2015

Biziň ýer älemimiziň iň beýik nokady nirede ýerleşýär?

1089 7 26.05.2016

“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

383 1 17.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!