Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Aýyň garaňky tarapyna gonar


Il­kin­ji kos­mos gä­mi­si ge­çen asy­ryň or­ta­la­rynda uçu­ry­lan hem bol­sa, en­tek kos­mos­da edil­me­dik iş­ler, go­ýul­ma­dyk re­kord­lar az däl. Soň­ky ýyl­lar­da bu ug­ra has köp üns ber­ýän Hy­taý Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na, ýag­ny bi­ze gö­rün­me­ýän ta­ra­py­na kos­mos en­ja­my­ny ug­rat­ma­gy mak­sat edin­ýär. Go­laý­da Aýyň aň­ry ta­ra­py bi­len Ýe­riň ara­syn­da ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­jak “Queqiao” at­ly en­ja­m uçuryl­dy. Belli bolşy ýaly Aýyň öz oku­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýan wag­ty bi­len Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan wag­ty bilen deň. Şol se­bäp­li biz Ýe­riň hem­ra­sy­nyň di­ňe bir ta­ra­py­ny gö­rüp bil­ýä­ris. Aýyň aňyr­sy hä­zi­re çen­li bir­nä­çe ge­zek su­ra­ta alyn­dy we öw­re­nil­di. 1962-nji ýyl­da uçu­ry­lan “Ran­ger 4” at­ly en­jam Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na gon­du­ry­lan hem bol­sa, ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da bo­zu­lyp, on­dan hiç hi­li mag­lu­mat alyp bol­man­dy. Kos­mo­sy öw­re­ni­ji­ler üçin Ýe­riň hem­ra­sy­nyň aňyr­sy­na haý­sy­dyr bir en­ja­my uçur­mak däl-de, on­dan mag­lu­mat al­mak çyl­şy­rym­ly me­se­le bo­lup dur­ýar. Se­bä­bi Aýyň özi Ýe­re is­len­dik ra­dio sig­na­ly­nyň ibe­ril­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. “Queqiao” bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin iş­le­nip dü­zü­len. Aýyň or­bi­ta­syn­da bol­jak “Queqiao” şu ýyl uçu­ryl­jak “Chang’e-4”-iň Ýer bi­len ara­gat­na­şy­gy­ny ýo­la go­ýar. Em­ma Aýyň dar­tyş güý­ji Ýer­dä­ki­den pes bo­lan­soň, haý­sy­dyr bir en­ja­my Aýyň or­bi­ta­syn­da sak­la­mak aň­sat däl. Şol se­bäp­li en­ja­my Ýer bi­len onuň hem­ra­sy­nyň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ýan Lag­ranž no­kat­la­ry­nyň bi­ri­ne ýer­leş­dir­me­li bol­ýar. Bu no­kat Gün bi­len Ýe­riň ara­syn­da Aý­dan 65 müň ki­lo­metr uzaklyk­da­ky (L2) no­kadydyr. “Queqiao” di­ňe “Chang’e-4”-iň sig­nal­la­ry­ny iber­mek bi­len çäk­len­me­ýär. En­jam­da il­kin­ji ge­zek Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na otur­dyl­jak an­ten­na­lar hem bar. Gol­land hü­när­men­le­ri bi­len bi­le­lik­de ön­dü­ri­len Aşa­ky Ýy­gy­lyk Açy­jy­sy (NCLE) “Uly part­la­ý­şyň” il­kin­ji pur­sat­la­ry­ny hem “diň­lär”. Ast­ro­fi­zik Heý­no Fal­ke ra­dio ast­ro­nom­la­ry­nyň ýyl­dyz­lar­dan we beý­le­ki pla­ne­ta­lar­dan gel­ýän tol­kun­la­ry öw­ren­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Fal­ke äh­li ýy­gy­lyk­da­ky ses­le­ri Ýer­de diň­läp bol­ýan­dy­gy­ny, em­ma 30 MGs-dan pes ra­dio­tol­kun­la­ry­ny at­mos­fe­ra­nyň ge­çir­me­ýän­di­gi­ni we bu tol­kun­lar­da äh­li bar­ly­gyň il­kin­ji pur­sat­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň bar­dy­gy­ny, şol se­bäp­li ola­ry diň­le­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar. “Queqiao” ýene-de birnäçe günden aýyn­da L2 no­ka­dy­na ba­ryp ýe­ter.


Haladym 

 ()

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

383 3 13.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY ATAMYRAT NYÝAZOW ADYNDAKY ÝÖRITELEŞDIRILEN BANK MEKDEBI

473 3 17.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGYNYŇ TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDÄKI DEŇIZÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2726 6 23.07.2015

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

1581 1 15.07.2015

TÜRKMEN ОBА HOJALYK INSTITUTY

1931 0 15.07.2015

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY

375 0 13.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!