Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Arhimed we patyşa Gieronyň täji


Her gezek, haçanda,  gadymy gerek alymy we inženeri Arhimed hakda gürrüň gidende, ilki bilen patyşa Sirakuz Gieronyň täji hakdaky waka ýadyňa düşýä. Bu wakada şa Sirakuzy bir pikir biynjalyk edýär:

“Çyndanam meniň täjim arassa altyndan edildimikä? Altyn ussasy meni aldamadymyka? Kellämde göterip ýörenim ýasama dälmikä? ” Bu pikirler şany dowla düşüripdir. Patyşaň keýpi bolmandyr-tabynlygyndakylaram hezil etmändirler. Şanyň şübhesini barlamak üçin bu işi Arhimeda tabşyrypdyrlar. Ahrimed şanyň meselesini çözmek üçin täjiň dykyzlygyny anyklamagň gerekdigini we onuň üçin p=m/V  formulanyň ýeterlikdigini bilipdir. Täjiň massasyny terezide ölçäp bolar, ýöne göwrümini nädip anyklajak? Eger kerpiç bolan bolsa, onda beýikligini, uzynlygyny, inini ölçäp göwrümi tapsa bolardy... arman...täç  kerpiç däl-dä....

Gaýgyly Arhimed pikirlerini durlamak üçin wanna girmegi karar edýär. Birden mesele öz-özünden çözülýär duruberýär. Arhimed wanna girende suwuň belli bir bölegi  ýokary galýar we daşyna dökülýär. “Ewrika!” – tolgunjyndan ýaňa alym gygyrýar we ýalaňaç patyşanyň ýanyna ylgaýar. Tejribeçi şanyň täjini içi suwdan püre-pür doly gaba salýar we daşyna dökülen suwuň göwrümini ölçäp täjiň göwrümini anyklaýar. Aýdyşlaryna görä şanyň şübhesi hakykat ekeni. Täç hakyky altyndan ýasalmandyr. Bu waka alym-ekspertiň aňtaw-barlag işleri bilen meşgullanýandygynyň bir mysalydyr. Arhimediň  aýdan “ewrika”  sözi gadymy grek sözi bolup, ol “tapdym” diýen manyny berýär. Alym  diňe bir şanyň meselesiniň jogabyny tapman, eýsem jisimiň ýüzme şertiniň  düşündirilişiniň açaryny hem tapdy.  

Arhimediň kanuny: Suwuklyga ýa-da gaza çümdürilen islendik jisime ýokaryk ugrukdyrylan iteriji güýç täsir etýär. Bu güýç bölünip çykan suwuklygyň ýa-da gazyň agramyna deňdir.

Hormatly okyýjylar, sizem özüňizi goja Arhimediň ýerine goýup täjiň arassa altyndan edilendigini ýa-da ýasamadygyny hasaplap bilersiňizmi? Synanşyp görüň. Siziň eliňize diňe asma terezi berilýär. Erkin gaçma tizlenmesini we altynyň dykyzlygyny belli diýip hasap etmeli.


Haladym 

 ()

S. A. NYYAZOW ADYNDAKY TURKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2634 5 14.07.2015

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

1580 1 15.07.2015

TÜRKMENISTANYŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

12 0 14.07.2018

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY 2018 - 2019

9 0 14.07.2018

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

655 1 13.07.2017

AŞGABADYŇ AMAN KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

9 0 13.07.2018


Shooter
10-06-2015

meseläniň jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan

Mergen
11-06-2015

täjiň pagramy bilip, arhimet gujini hem tapyp ikisniň tapawudy täjiň suwdaky agrmyny berýär, agramdan massany tapýas we bölünip çykan suwuň gňwrümini hasaplap dykyzlygy hasaplaýas. altyny hemişelik dykyzlygyny tablysadan alyp deňeşdirýäris deň bolsa arssa altyn bolmasa garyndyly wessalam erteki tamam




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!