Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Hasabat: 2015-nji ýylyň I çärýeginde kibertalaňçylyk hadysalary iki esse artdy


Şol bir wagtyň özünde Adobe Flash programma üpjünçiligine edilýän hüjümler 317% köpeldi.

2015-nji ýylyň ilkinji üç aýynda talaňçy-programmalar arkaly edilýän kezzapçylyklar tas iki esse artdy, şol bir wagtyň özünde striming (gönümel maglumat geçiriş) hyzmatlarynda we oýun saýtlarynda ulanyan Adobe Flash programmasyna edilýän hüjümler dört esse artdy. Bu barada 9-njy iýunda çap edilen  McAfee Labs kompaniýasynyň maý aýy boýunça hasabatynda maglumat berilýär. Kompaniýanyň hünärmenleriniň geçiren statistikasyna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde talaňçy programma üpjünçiliklerine degişli hadysalar 165% köpeldi. Hünärmenler CTB-Locker görnüşli talaňçy-troýanlaryň, şeýle hem CryptoWall, TorrentLocker, TeslaCrypt zyýanly programmalarynyň täze görnüşleriniň ulanylyşynda uly artyş hasaba aldylar.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, zyýanly hüjümler esasan hem durmuş şertleri ýokary bolan ýurtlaryň raýatlaryna garşy ulanylýar, sebäbi bu ýurtlaryň raýatlary blokirlenen faýllary gaýdyp almak üçin talap edilýän tölegi geçirmäge kaýyl bolýarlar. Adatça tölegiň möçberi $150-dan $500-a çenli bolup bilýär.

Şol bir wagtyň özünde Adobe Flash programma üpjünçiligine edilýän hüjümler 317% artdy. Zyýan ýetirijiler Adobe Flash programmasynyň aşakdaky gowşaklyklaryndan peýdalanýarlar: maglumat boşadylanyndan soňra ulanmak ýalňyşy (24%), ýadyň salgysynyň elýeterlilik ýalňyşy (24%), ýada zeper ýetmek ýalňyşy (15%), ýadyň çakdanaşa dolmak ýalňyşy (13%).

Hasabat bilen giňişleýin şu salgyda tanşyp bilersiňiz (iňlis dilinde pdf formatynda).


Haladym 

 ()

Robot opera sahnasynda baş rolda oýnady

610 1 08.07.2015

Facebook ulanyjylaryň suratlaryny ýene 1 aýdan ýok eder

625 5 13.06.2016

Robotlaşdyrylan çeperçilik gimnastikasy

621 0 03.08.2015

Ýigrimi kilometirlik lift

586 1 02.09.2015

Robotlaryň ukyby artýar

547 1 02.07.2015

Fransiýanyň Pariž şäherinde jemgyýetçilik ulaglary mugt bolar

156 3 29.03.2018





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!